|
Türkmeniň
Jeıhun
bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ıeli Türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili Türkmeniň.
Hak sylamyş bardyr onuň saıasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maıasy,
Reňbe-reň gül açar ıaşyl ıaılasy,
Gark
bolmuş reıhana çöli ürkmeniň.
Al-ıaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeıip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ıurduň eıesi,
Küren tutar gözel ili Türkmeniň.
Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saııatlar diri
Ala bilmez, ıolbars ogly Türkmeniň.
Köňüller, ıürekler bir bolup başlar,
Tartsa ıygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taııar kylynsa aşlar,
Göteriler
ol ykbaly Türkmeniň
|